Tim Szýu boks boýunça dünýä çempiony titulyna eýe boldy

  • 12.03.2023 16:00
  • 22k+

Birinji ýarym orta agramda boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szýunyň ogly Timofeý Szýu birinji orta agramda Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasyna görä wagtlaýyn dünýä çempiony titulyna eýe boldy. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Ýekşenbe güni Sidneýde geçirilen amerikaly Toni Harrisona garşy söweşde Szýu dokuzynjy raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazandy.
Tim Szýu 28 ýaşynda, onuň hasabynda indi 22 ýeňiş (16-sy nokaut bilen) bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur. 32 ýaşly Harrison Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä öňki çempion we häzirki WBC Silver çempionydyr. Onuň hasabynda 29 ýeňiş (21-isi nokaut bilen), dört ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......