Jon Jons agyr agramda UFC-niň çempiony boldy

  • 06.03.2023 10:21
  • 19k+

Amerikaly Jon Jons agyr agramda Absolýut söweş çempionatynda  (UFC) eýesiz duran çempionlyk adyny almak ugrundaky göreşde fransuz türgeni Siril Gany ýeňdi.

Report agentliginiň habar bermegine görä, tutluşyk ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçirilen UFC 285 ýaryşynyň çäginde geçdi.
Söweş Jonsuň birinji tapgyrda demikdiriji usuly ulanyp ýeňmegi bilen tamamlandy. Jons karýerasynda üçünji gezek UFC-niň çempiony adyna eýe boldy, owal ol iki gezek agyr agramda guşaga eýe bolupdy. Ol 2011-nji ýylyň mart aýynda braziliýaly türgen Maurisio Ruany ýeňip, guramanyň taryhynda iň ýaş (23 ýaş) çempion bolmak bilen, ilkinji gezek UFC-niň çempionlygyny gazanypdy.

Soňra Jons titulyny sekiz gezek üstünlikli gorady we 2015-nji ýylyň aprelinde bolsa UFC-niň türgenleriniň özüni alyp baryş kadalaryny bozandygy sebäpli çempionlyk adyndan mahrum edildi. Bir ýyldan soň Jons UFC-niň wagtlaýyn çempionlyk ady ugrundaky göreşde ýeňiş gazandy, ýöne doping üçin geçirilen synagyň položitel çykmagy sebäpli ýene guşakdan mahrum edildi. Amerikaly türgen watandaşy Entoni Smiti ýeňip, 2018-nji ýylyň dekabrynda çempion diýen ady yzyna gaýtaryp aldy. Şondan bäri Jons çempion adyny üç gezek üstünlikli gorady. 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri ol UFC-niň ýaryşyna gatnaşmady.
35 ýaşly Jonsuň hasabynda garyşyk söweş sungatynda (MMA) 27 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......