Daşary ykdysady iş banky onlaýn söwdalar üçin niýetlenen VISA Virtual kartyny işe girizdi

  • 04.03.2023 12:07
  • 27k+

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze VISA Virtual bank kartyny işe girizdi, bu kartyň kömegi bilen dünýäniň onlaýn dükanlaryndan eden söwdaňyz üçin hasaplaşyk, şeýle hem daşary ýurt onlaýn hyzmatlary üçin töleg geçirip bilersiňiz.

Gürrüň fiziki göterijisiz sanly kart hakda gidýär. Karty ulanyjy diňe maglumatlary alýar: kart belgisini, hereket ediş möhletini, tassyklaýyş kodlaryny. Bu maglumatlar onlaýn hasaplaşyklary geçirmek üçin ýeterlikdir.
VISA Virtual internetden ygtybarly onlaýn söwda etmek üçin ýörite döredildi. Adam onuň kömegi bilen onlaýn-söwda edip, hyzmatlary sargyt edip, elektron petekleri satyn alyp we myhmanhanalary bron edip biler.
Şeýle-de, wirtual kart arkaly Google Play we App Store-daky ykjam goşundylara ýazylyp bilersiňiz, meşhur daşary ýurt onlaýn-dükanlaryndan satyn alan zatlaryňyzyň puluny töläp bilersiňiz we başgalar.
Kart almak üçin müşderilere diňe pasportyny we onuň göçürmesini ýanlaryna almak ýeterlik, olar Daşary ykdysady iş bankynyň bir şahamçasyna baryp, sowalnamany doldurmaly we başlangyç pul mukdaryny hasaplaryna salmaly. Pul serişdeleri karta ABŞ-nyň dollarynda geçýär we saklanýar.
Goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň merkezi edarasynda, şeýle hem Aşgabatdaky we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki  şahamçalarynda alyp bolar.


18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......