Argentinaly Martines FIFA-nyň ýylyň iň gowy derwezebany üçin baýragyna mynasyp boldy

  • 28.02.2023 12:33
  • 8.9k+

Argentinaly Emiliano Martines FIFA tarapyndan 2022-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip saýlandy. FIFA-nyň baýrak gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi diýip, rport.ria.ru habar berýär.

Bu baýraga belgiýaly Tibo Kurtua we marokkoly Ýassin Bunu hem dalaşgär görkezilipdi.
Klub derejesinde Angliýanyň “Aston Willasynda” çykyş edýän Martines 2022-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Pleý-offyň dowamynda Martines Argentinanyň milli ýygyndysyna penalti tapgyrynda iki gezek ýeňiş gazanmaga, şol sanda fransiýalylar bilen finalda-da kömek etdi.
Zenanlaryň arasynda bu baýragyň eýesi 2022-nji ýylda Ýewropa çempiony bolan angliýaly Meri Irps boldy.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......