UFC-niň başlygy Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasyndaky rewanş üçin şerti aýtdy

  • 28.02.2023 11:55
  • 26k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Deýna Uaýt ýeňil agramda UFC-niň titulynyň eýesi russiýaly Islam Mahaçew bilen ýarym ýeňil agramda çempion awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiniň arasyndaky rewanşyň olaryň her biri öz agramlarynda söweş geçirenlerinden soň bolup biljekdigini aýtdy.

Mahaçew 12-nji fewralda Wolkanowskini ýeňdi. Söweş Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen UFC 284 turnirinde bolup, bäş raund dowam etdi. 31 ýaşly Mahaçew emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňiş gazandy.

“Siz meniň bu söweş barada näme pikir edýändigimi bilýärsiňiz. Haçan-da super söweşi gurnanyňda, şol gün agşam alan netijämizden gowy netijäni göz öňüne getirip bolarmy. Tutuş dünýä kimiň ýeňjekdigi barada jedelleşýärdi. Ýene bir gowy zat, wagtlaýyn titula eýe bolan söweşiji hem ajaýyp çykyşy görkezdi. Indi Ýairiň (Rodriges) Wolkanowskä garşy söweşi bar. Islam bilen nähili boljakdygyny, onuň kim bilen söweşjekdigini hem görübereris. Ýöne Ýair bilen söweşi geçirmek gerek. Şondan soň ikisi-de söweşenden soň rewanş gurnamak bolar” – diýip, Uaýt metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Mahaçewiň hasabynda 24 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Ol yzygider 12 söweşde ýeňiş gazandy. 34 ýaşly Wolkanowskiniň hasabynda 25 ýeňiş bilen iki ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......