Nokia 60 ýylda ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

  • 28.02.2023 11:36
  • 14k+

Nokia telekom enjamlaryny öndürijisi täzelenen ösüş strategiýasyny we häzirkizaman Nokia-ny görkezýän täze logotipini hödürledi. Bu tas 60 ýylyň içinde kompaniýanyň ilkinji dizaýn üýtgetmesidir diýip, forbes.kz belleýär.

Köne logotipde ýönekeý Nokia sözi ýazylgydy, indi logotip kompaniýanyň adyny emele getirýän bäş dürli şekilden ybarat. N harpynyň sag dik çyzygy, K harpynyň bolsa çep çyzygy kesilen, “boşluk” A harpynda-da bar. Şeýle-de, köne logotipiň gök reňki başga reňk diapazony bilen çalşyryldy.

“Köp adamlaryň aňynda biz henizem üstünlikli ykjam telefon brendidiris, ýöne Nokia beýle däl. Biz torlara we senagat sanlylaşdyrylyşyna has köp üns berjek täze brendi işe girizmek isleýäris” – diýip, Nokia-nyň baş müdiri Pekka Lundmark aýtdy. Ol kompaniýanyň “häzirki günde kimdigimizi – B2B tehnologiýalar segmentinde innowasiýalar ugrundan liderdigimizi” görkezmek üçin brendi täzeleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Täze logotip Nokia üçin alty ugurda ösüşi çaltlaşdyrmaga gönükdirilen kompaniýanyň strategiýasynyň täzelenendigini aňladýar. Beýlekiler bilen bir hatarda kompaniýa bazarda paýyny artdyrmagy, täze biznes modelleri ornaşdyrmagy (as-a-Service ýaly), “ESG-ni bäsdeşlik artykmaçlygyna öwürmegi”, şeýle-de ykjam gurluşlaryň çäginden çykýan ugurlarda mümkinçilikleri ele almagy maksat edinýär.

“Bu maksatlara ýetmek üçin Nokia-nyň dört esasy faktory bar: geljek üçin gerekli zehinleri ösdürmek; esasanam, 6G ýaly pudaklarda uzak möhletleýin gözleglere maýa goýmak; çeýeligi we öndürijiligi mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin hususy amallary sanlylaşdyrmak; brendi täzelemek” – diýlip, metbugat relizinde bellenilýär.

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy ykjam telefonlary öndüriji hökmünde belli boldy. Iň meşhur model – Nokia 3310 – 2000-nji ýyllarda meşhur bolupdy. Ýöne tas 10 ýyl mundan ozal Nokia telefon öndürmek boýunça biznesini Microsoft kompaniýasyna satdy. Nokia markaly telefonlar häzir Microsoft bu brendi ulanmagy bes edeninden soň ygtyýarnama alan HMD Global Oy kompaniýasy tarapyndan satylýar.


19.05.2026 16:35
4.9k+

Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi....

02.11.2025 20:05
2.7k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

11.02.2025 15:51
4.1k+

Nokia-nyň prezidenti Lundmark işden gidýär: wezipäni Intel-iň EA bölüminiň başlygy eýelär

Finlýandiýanyň telekommunikasion enjamlary öndürijisi Nokia Corp.-yň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Pekka Lundmark öz wezipesinden gider. Bu barada ol kompaniýanyň müdirler geňeşine duýdurdy diýip, Nokia...

21.08.2024 10:36
5.4k+

HMD Nokia markasyndan ýüz öwrüp, resmi taýdan Hytaý bazaryna girýär

HMD Nokia markasyny ulanmakdan ýüz öwrüp, resmi taýdan Hytaý bazaryna girendigini mälim etdi diýip, Gizchina ýazýar. Nokia-nyň resmi Weibo sahypasyndaky beýanatyna görä, HMD öz markasy bilen Hytaýda diňe düwmeli...