“Mançester Ýunaýted” Angliýanyň ligasynyň kubogyna eýe boldy

  • 27.02.2023 18:27
  • 11k+

“Mançester Ýunaýtediň” futbolçylary Angliýanyň ligasynyň kubogynyň final oýnunda “Nýukasly” utdular. Londonyň “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.

“Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Kazemiro gol bilen tapawutlandy (33-nji minut), ýene bir pökgi “Nýukaslyň” oýunçysy Swen Botmanyň awtogolundan soň geçirildi (39-njy minut).
“Mançester Ýunaýted” taryhda altynjy gezek Angliýanyň ligasynyň kubogynyň eýesi boldy. Bu görkeziji boýunça “Liwerpul” liderdir (9 ýeňiş), ikinji – “Mançester Siti” (8). “Nýukasl” ýaryşyň finalynda ikinji gezek we 1976-njy ýyldan bäri ilkinji gezek oýnady.


23.04.2026 16:19
5.8k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

23.04.2026 15:40
5.9k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

23.04.2026 12:31
8.6k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......

22.04.2026 00:22
3.9k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....