USADA 2023-nji ýylda UFC-niň iň köp barlagdan geçirilýän söweşijilerini mälim etdi

  • 26.02.2023 13:30
  • 39k+

Amerikanyň antidoping agentligi 2023-nji ýylda UFC-niň iň köp barlagdan geçirilýän söweşijileriniň sanawyny neşir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Häzirki wagtda iň köp barlanylýan söweşiji UFC-niň ýeňil diwizionynyň russiýaly çempiony Islam Mahaçew bolup, ony iki aýda eýýäm sekiz gezek barlagdan geçirdiler. Onuň soňky söweşdäki garşydaşy Aleksandr Wolkanowski bolsa alty gezek barlandy.
Ýatlap geçsek, Wolkanowski bilen bolan söweşden soň täze zelandiýaly söweşiji Den Huker Islam Mahaçewiň dikeldiş üçin damja ulanyp, dopinge garşy düzgünleri bozandygyny aýtdy. Wolkanowskiniň toparynyň wekilleri hem Mahaçew tarapyndan düzgün bozulmalaryň bolandygyna subutnamalarynyň bardygyny habar berdiler.
Söweşde Islam Mahaçew eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykyp, ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorapdy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......