Aşgabatda Montessori usulyýeti arkaly çaganyň ukyplaryny ösdürýän bilim merkezi açyldy

  • 25.02.2023 15:09
  • 32k+

Mekdebe çenli döwür çaganyň duýgularynyň we emosiýalarynyň yzygiderli ösýän döwri hasaplanýar. Usulyýetde 3-6 ýaş döwri çaganyň psihologik ösüş döwrüniň ilkinji tapgyry hasaplanylýar. Dünýä belli Montessori usulyýeti bolsa hut şu döwür üçin niýetlenendir. Dünýäde ykrar edilen bu usulyýet indi Türkmenistanda hem ornaşdyryldy. Bu usulyýet «Perzent» bilim merkezinde ornaşdyryldy.

Italiýaly pedagog, alym, lukman bolan Mariýa Montessori çaganyň ruhy, fiziki, akyl taýdan utgaşykly ösmegi üçin usulyýetini ýyllarboýy kämilleşdirip gelipdir. Montessori lukman hökmünde çaganyň ösmegi üçin duýmagy öwrenmegiň möhümdigine düşünipdir we taýýarlan usuly işlerinde çaganyň motorikasynyň, sensorikasynyň ösüşi arkaly okuw, ýazuw, hasaplamak başarnyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny göz öňünde tutupdyr. Ondan başga-da, usulyýetde çaganyň özbaşdaklygyny ösdürmek, deň-duşlary bilen arasyny sazlar ýaly ugrukdyrmak, gurşawy boýuna görä taýýarlamak, okuw esbaplary gyzyklanmalaryna görä saýlamak göz öňünde tutulan.


Montessori usulyýeti biziň ýurdumyz üçin täze bolansoň, “Perzent bilim merkezi” ony ilki ene-atalara, bilim işgärlere sapaklarda hödürläp, tejribede durmuşa geçirmek üçin diňleýjileriň 3-6 ýaşly çagalar bilen bilelikde gelmeklerini makullaýar. Merkeziň mugallymlary Montessori usulyýetini daşary ýurt institutlarda özleşdirip, ene-atalara Montessori boýunça öýlerinde hem şert döretmek bilen bagly maslahatlary berýärler.
Okuw merkeziniň ilkinji tapgyry 1-nji martda başlaýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köç., 2 (1-nji gat)
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 63 615111; +993 63 273 273; +993 12 273581; +993 12 273587

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....