Aşgabatdaky kafe müşderilerine çişligi mangalda özlerine bişirmegi teklip edýär

  • 21.02.2023 09:55
  • 73k+

Maşgala agzalaryň, dostlaryň, işdeşleriň bilen ýygnanyşyp, köz ýakyp, çişlik etmegiň aýratyn lezzeti bar. Ýanyp duran közde çişligi özüň bişirmegiň lezzetiniň aýratyndygyna hiç kim garşy çykmasa gerek?! Tagamy özbaşdak taýýarlamagyň lezzetini taýýar tagamy sargyt etmekden pesde goýmaýanlar köp. Dostlaryň bilen kafede ýygnanyşyp, menýuny alyp, islän tagamyňy sargyt etmek bir zat, emma şol tagamy dostlaryň bilen bilelikde taýýarlamak düýbünden başga zat.
Daşary ýurtlarda müşderileriň özleriniň tagam taýýarlamaklary üçin şertleri döredip berýän kafe-restoranlar barada eşiden bolsaňyz gerek. Bu tejribäni Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Garagum Barbeque» kafesi eýýäm ençeme wagt bäri üstünlikli ulanyp gelýär.

«Garagum Barbeque-da» müşderileriň özleriniň çişlik edip bilmekleri üçin ýörite şertler döredilipdir. Ýörite gurnalan kabinkalarda müşderilere köz taýýarlanyp goýulýar, şompula düzülen çişlik getirilip berilýär. Müşderilere diňe taýýar közde çişligi bişiräýmek galýar. Işden soň argynlygyňy aradan aýyrmak, dostlaryň bilen wagtyňy gyzykly geçirmek üçin oňat mümkinçilik.
Mangalda diňe bir çişlik däl, eýsem, gök-önümleri beýleki tagamlary hem taýýarlap bolýar. Közde gaýnan tüňçe çaýy hem ýatdan çykarmaň!
Çişlik bişiresi gelip, emma mundan başy çykmaýanlar hem alada galyp oturmaly däl. «Garagum Barbeque-nyň» işine ussat aşpezleri size çişlik bişirmekde gymmatly maslahatlaryny bererler.

Galyberse-de, «Garagum Barbeque» baý menýusynyň bardygyny hem ýatladýar.
Çişligi özüň bişirmek üçin niýetlenen kabinkalary öňünden sargyt esasynda belledilýär!

Iş wagty: 10:00-23:00
Salgysy: Magtymguly şaýoly, «Garagum» magaziniň gapdaly
Habarlaşmak üçin: +99363199777

08.06.2026 15:19
5.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......