Milliarder Jeýms Retkliff “Mançester Ýunaýtedde” paý satyn almaga taýýar

  • 20.02.2023 22:15
  • 10k+

Britaniýaly milliarder Jeýms Retkliff “Mançester Ýunaýted” futbol klubunda mažoritar paýy satyn almak üçin arza tabşyrdy. Degişli teklip Ineos kompaniýasyndan hem gelip gowuşdy diýip, Reuters habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär.

2022-nji ýylyň noýabrynda klubuň paýnamalarynyň uly bölegine gözegçilik edýän Gleýzerler maşgalasy “Mançester Ýunaýtediň” geljegi üçin maýa goýumlary çekmek ýa-da öz paýyny satmak ýaly mümkinçilikleri öwrenýändigini habar berdi.
Klubda paý satyn almak üçin arzalary kabul etmegiň möhleti 17-nji fewralda tamamlandy. Retkliffden başga-da, şertnama Kataryň öňki premýer-ministriniň ogly şeýh Jasim ibn Hamad Al-Tani dalaş edýär. “Mançester Ýunaýtede” Saud Arabystanda hem gyzyklanma bildirildi.
“Mançester Ýunaýted” 2022-nji ýylda “Forbes” boýunça dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň reýtinginde üçünjidir. Topar 4,6 mlrd dollar, onuň girdejisi bolsa 128 mln dollar bilen bahalandyrylýar. Klub satylan ýagdaýynda şertnamanyň bahasy 5,2 mlrd dollardan geçip biler.
Jeýms Retkliff Forbes Real-Times reýtinginde 15,3 mlrd dollar baýlygy bilen 111-nji orny eýeleýär. Gleýzerler maşgalasy “Mançester Ýunaýtedi” 2005-nji ýylda 790 mln funt sterlinge (şol wagtky hümmet boýunça, takmynan, 950 mln dollar) satyn aldy.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....