«Başarnyga we ukyba eltýän ýol», Braýan Treýsi

  • 17.02.2023 12:38
  • 15k+

Ajaýyp durmuşda ýaşamagyň, käriňizde  üstünlik gazanmagyň we özüňden razy bolmaklygyň esasy şertleriniň biri, haýal etmän, ilkinji nobatdaky möhüm işleri ýerine ýetirip başlamak hem-de ony soňuna çenli ýerine ýetirmäge endik etmekdir. Haçan-da şeýle endik “ikinji keşbiňize” öwrülenden, onuň duýdansyzlyk bilen siziň etjek hereketleriňize ymykly täsir edýändigine göz ýetirersiňiz. Onsoňam, derwaýys meseleleri orta ýolda taşlanyňdan, gaýta soňuna çenli ýerine ýetirmekligiň has aňsatdygyny görersiňiz.

Nýu-Ýork şäheriniň köçe sazandasynyň öňünde saklanyp, ondan Karnegi-hola nädip baryp boljakdygyny soraýan adam baradaky hekaýaty bilýän bolsaňyz gerek. Sazanda oňa: "Ugruna ýykylmak gerek, agam, tükeniksiz meşgullanmak gerek" diýip,  jogap berýär.
Yzygiderli meşgullanmak başarnyga we ukyba eltýän ýoldur.  Akyl-aň derejämiziň muskuly ýatladýandygy biziň üçin diýseň şowuna bolan ýagdaý. Onuň yzygiderli meşgullanmak, türgenleşmek arkaly kem-kem berkäp, öňkülerindenem has köp zatlara ukyplydygy aýan bolýar. Türgenleşmegiň kömegi bilen özüňize gerekli bolan islendik häsiýeti özleşdirip, islän ukybyňyzy özüňizde kämilleşdirip bilersiňiz.
Meseläni desbi-dähel çözmek endigine eýe bolmak üçin size üç sany gylyk zerur. Olar meýletin isleg, tertip-düzgün we gujur-gaýratdyr. 
Ilki bilen başlan işiňizi ahyryna çenli ýetirmek endigini ösdürmegi ýüregiňize düwüň. Başladyňyzmy, soňuna çenli dowam ediň, orta ýolunda taşlamaň. Ikinjiden, doly özleşdirýänçäňiz,  zerur ýörelgeleri ulanmakda  türgenleşip, tertip-düzgüni berjaý ediň. Sizde emele gelýän endik ahyrsoňunda gylyk-häsiýetiňiziň aýrylmaz bölegine öwrülýänçä, ähli hereketleriňizi tutanýerlilik we erjellik bilen berkidiň. 
Netijeli we ýokary öndürijilikli biri bolasyňyz gelýärmi? Sizi şeýle kämillige ýetirip biljek usullar, ýörelgeler bar.  Munuň üçin gazanjak artykmaçlyklaryňyzy we bähbitleriňizi birjik-de ýatdan çykarmaly däldir, esasy etmeli işleriňizi ünsden düşürmeli däldir, maksada okgunly bolmalysyňyz, şeýdeniňizde ahyrky maksada tiz ýetip bilersiňiz. Özüňizi möhüm meseleleri hemişe çalt we üstünlikli ýerine ýetirip bilýän başarnykly adam hökmünde göz öňüne getiriň.
Hyýalyňyzda hemişelik orun alan göz öňüne getirmeler - nusgalyk görelde derejäňiz siziň özüňizi alyp barşyňyza güýçli täsir eder. Özüňize hemişe bolmak islän şahsyýetiňiz  hökmünde serediň. Şeýlelik bilen, aňyňyzda döredilen öz nusgalyk keşbiňiz ― siziň içki dünýäňize degişli dereje, haýran galaýmaly ýagdaýda daşky derejäňize ― iş usulyňyza we özüňizi alyp barşyňyza täsir eder. Meşhur lektor Jim Ketkartyň aýdyşy ýaly: “Özüňizi kim hökmünde görýän bolsaňyz,  şol hökmünde-de bolarsyňyz”.  
Siziň her biriňize özüňizde täze başarnyklary, endikleri, ukyplary özleşdirip, kämilleşdirmäge çäksiz ukyp mahsusdyr. Öňüňizde duran wezipeleri berjaý etmekde haýal-ýagallyga ýol berme häsiýetiňizi ýeňip geçmäge, tersine  ol wezipeleri çalt hem ýokary hilde ýerine ýetirmek endiklerine eýe bolmaga ukyplysyňyz. Ünsüňizi bir işe, bir maksada gönükdirip,  erjellik bilen ýerine ýetiren ençeme türgenleşikleriňiziň dowamynda siz ― göçme manyda aýdylanda, «tizligi güýçlendirijini basanyňyzdan» soň durmuşyňyzda-da, işiňizde-de ýokary depginde maksadyňyza ýetmekligi öwrenersiňiz.
Ýeňiş gazanmak üçin eýe bolmaklygy talap edýän bir tapawutly aýratynlyk bar.  Ol hem maksadyň aýdyň bolmagy, näme isleýändigiňi  bilmek we oňa ýetmek üçin gaty güýçli islegdir.

08.06.2026 15:19
5.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......