Islam Mahaçew iki ýyllyk diskwalifikasiýa edilip bilner

  • 16.02.2023 11:53
  • 39k+

UFC-niň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew dopinge garşy düzgünleri bozandygy üçin iki ýyllyk diskwalifikasiýa edilip bilner diýip, Sportskeeda habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär.

Mahaçew awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskä garşy ýeňil agramda UFC-niň titul söweşiniň öňüsyrasynda dikeldiş damjasyny bikanun ulanypdyr diýlip güman edilýär.
Agramyňy wagtlaýyn ýitirmeden soň suw balansyny dikeltmek üçin damjalary ulanmak gadagan edilen usuldyr, sebäbi olar dopingiň ulanylan ýagdaýlaryny gizlemek üçin ulanylyp bilner.
Russiýaly söweşiji eger awstraliýaly bilen söweşden öň regidratasiýa üçin damjany ulanandygy subut edilse iki ýyllap diskwalifikasiýa edilip bilner.
Ýatlap geçsek, 12-nji fewralda Mahaçew emin agzalarynyň biragyzdan goldamagy bilen Wolkanowskiden üstün çykyp, UFC-niň çempiony titulyny gorady.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......