Dünýä futbolynyň iň gymmat Orta Aziýa legioneri belli boldy

  • 16.02.2023 11:49
  • 20k+

Transfermarkt portaly nobatdaky reýtingini hödürledi. Bu reýtingde öz ýurtlaryndan daşynda çykyş edýän orta aziýaly oýunçylar görkezilýär diýip, www.euro-football.ru habar berýär.

Birinji orny Özbegistandan “Spesiýanyň” 27 ýaşly hüjümçisi Eldor Şomurodow eýeledi. Onuň bahasyny portal 7 mln ýewro diýip hasaplaýar. Ikinji orunda Gazagystandan Moskwanyň “SSKA” klubunda oýnaýan 24 ýaşly oýunçy Baktiýor Zaýnutdinow ýerleşdi. Oýunçy 5 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Üçlügi Özbegistandan Kriştianu Ronaldunyň klubdaşy, Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubunyň ýarym goragçysy Žaloliddin Maşaripow jemleýär. Portal 29 ýaşly oýunçyny 2,5 mln ýewro bilen bahalandyrdy.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......