Mahaçew bilen Wolkanowski gaýtadan söweşmäge razy boldular

  • 14.02.2023 20:51
  • 25k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bilen oktagonda ýene-de duşuşmaga razy boldy. Bu barada sovsport.ru belleýär.

“Näme üçin bolmaz? Hany bakaly. Eger UFC rewanş guramak islese, men taýýar” – diýip, Mahaçew Main Event YouTube ýaýlymyna beren interwýusynda belledi.

Rewanş baradaky gürrüňe Wolkanowskiniň hem nähili garaýandygy bilen gyzyklanyldy. Ol bu soraga: “Geliň, muny gurnalyň. Ylalaşdyk. Hiç hili sorag ýok, boluň, haýal etmän rewanş geçireliň” diýip, jogap berdi.
Ýatladyp geçsek, türgenleriň arasyndaky ilkinji söweşde Mahaçew üstün çykdy. Söweş bäş raund dowam etdi we Mahaçew emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......