Mahaçew Wolkanowskiden üstün çykyp, UFC-niň çempiony titulyny gorady

  • 12.02.2023 13:08
  • 27k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykyp, ilkinji gezek ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) titulyny gorady.

Bu tutluşyk Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen UFC 284 turniriniň esasy wakasy bolup, bäş raund dowam etdi. Mahaçew emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňiş gazandy.
Mahaçew 31 ýaşynda, onuň hasabynda 24 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Indi russiýaly söweşiji 12 ýeňişden ybarat tapgyrda barýar. Ýarym ýeňil diwizionda UFC-niň guşagyny saklamagy dowam etdirýän 34 ýaşly Wolkanowskiniň hasabynda bolsa 25 ýeňiş bilen iki ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......