Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellatorda indiki garşydaşy belli boldy

  • 09.02.2023 17:52
  • 54k+

Bellatorda Türkmenistanyň ilkinji wekili bolan Döwletjan Ýagşymyradow litwaly Julius englikse garşy tutluşyk geçirer. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berdi.

Tutluşyk 2023-nji ýylyň 10-njy martynda San-Hosede (ABŞ, Koliforniýa ştaty) ýerleşen «SAP-Center» üsti ýapyk sport arenasynda geçiriler.
Bellator 292 ýaryşyny Showtime tölegli kabel we hemra teleýaýlymy göni ýaýlymda berer.
Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde San-Hosedäki şol stadionda Bellator 277 ýaryşynyň çäklerinde Döwletjan Ýagşymyradow braziliýaly Rafael Karwalýony ýeňip, Bellatorda ilkinji ýeňşini baýram etdi. Ondan öň, Döwletjan Bellatorda iki gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Umumylykda, 32 ýaşly Döwletjanyň hasabynda 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 sany deňme-deňlik bar.
31 ýaşly Julius Englikasyň hasabynda garyşyk söweşlerde 13 tutluşykda 10 ýeňiş bar.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......