Lebron Jeýms toplan utuklarynyň sany boýunça NBA-nyň rekordyny goýdy

  • 09.02.2023 14:57
  • 6k+

«Los Anželes Leýkersiň» hüjümçisi Lebron Jeýms gol salmak boýunça NBA-nyň rekordyny goýdy. Karim Abdul-Jabbaryň öňki üstünligi 38 ýyldan gowrak wagt dowam etdi.

“Los Anželes Leýkers” NBA-nyň adaty möwsüm oýnunda “Oklahoma City Tander-den 130:133 hasabynda utuldy. Şeýle-de bolsa, bu oýunda “Leýkers”-iň hüjümçisi Lebron Jeýms 1984-nji ýyldaky gol rekordyny täzeledi.
Lebron Jeýms 38 utuk toplady, indi onuň çotunda 38 390 utuk bar. Bu 1984-nji ýylda karýerasyny tamamlan Karim Abdul-Jabbaryňkydan üç utuk köpdür. Lebron Jeýms 1984-nji ýylyň dekabrynda, Karim Adbul-Jabbar çykyşyny gutarandan soň, dünýä indi.
Lebron üstünligini oýnuň üçünji çärýeginde gazandy. Duşuşygyň arasy kesildi, şondan soň alyp baryjy rekordy yglan etdi. Duşuşyga gatnaşan 75 ýaşly Abdul-Jabbar Jeýmsi taryhy üstünligi bilen gutlady.
Abdul-Jabbar 1 560 oýunda 38 897 utuk toplapdy. Rekord goýmak üçin Jeýmse 1 410 duşuşyk gerek boldy. Karim NBA-nyň 6 gezek çempiony bolupdy. Lebronyň 4 çempion tituly bar, ýöne ol iki gezek Olimpiýa çempiony boldy.

 


26.01.2026 10:21
1.5k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

19.01.2026 22:50
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede jemi bahasy 10 mln dollara golaý bolan geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

17.01.2026 16:51
10k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

12.01.2026 16:19
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdäniň söwdalarynyň jemi 45 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň...