Joşuanyň indiki garşydaşy belli boldy

  • 07.02.2023 19:41
  • 19k+

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) wersiýalaryna görä agyr agramda öňki dünýä çempiony britaniýaly Entoni Joşua 1-nji aprelde Londonda amerikaly Jermeýn Franklin bilen duşuşýandygyny habar berdi.

Öz Instagramynda Joşua söweşiň afişasyny ýerleşdirip, ony “Täze daň” ýazgysy bilen berkidipdir diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Joşua 2022-nji ýylyň awgust aýynda geçen soňky söweşinde WBA Super-iň, WBO-nyň, IBF-niň we Halkara boks guramasynyň (IBO) dünýä çempiony titullaryny goran ukrainaly Aleksandr Usikden ýeňildi. Oktýabr aýynda Joşuanyň promouteri Eddi Hirn britaniýalynyň Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä dünýä çempiony Taýson Fýuri bilen meýilleşdirilen söweşiniň bolmajakdygyny tassyklady.
Professional karýerasynyň dowamynda 33 ýaşly Joşua 24 ýeňiş gazanyp (22-si nokaut bilen), üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. Noýabr aýynda 29 ýaşly Franklin britaniýaly Dilian Uaýtdan ýeňlip, professional ringde ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 21 ýeňiş (14-üsi nokaut bilen) bar.


19.02.2026 15:37
4.4k+

Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler

Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar...

08.02.2026 04:46
11k+

Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady

Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi...

04.02.2026 12:15
5.1k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi

4-nji fewrala geçilýän gije Dubaýda (BAE) PFL ligasynyň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen çempionlyk guşagyna dalaşgär iňlis pälwany Alfi Dewisiň arasyndaky duşuşykdan öň däp bolan «bakyşlaryň çaknyşygy» boldy...

01.02.2026 16:33
6.1k+

UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi

​1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 325 ýaryşy geçirildi. Esasy tutluşykda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aleksandr Wolkanowski reýtingde ikinji orunda durýan Diýego Lopesa garşy öz titulyny gorady...