Fýodor Ýemelýanenko soňky söweşinde Beýderden tehniki nokaut bilen ýeňildi

  • 05.02.2023 12:32
  • 55k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko agyr agramda Bellator-yň çempiony Raýan Beýderden ýeňlip, soňky söweşinde amerikalydan liganyň guşagyny alyp bilmedi. Tutluşyk promouşeniň Los-Anjelesde geçirilen 290-njy belgili turniriniň esasy wakasy bolup, ilkinji raundda ABŞ-nyň wekiliniň tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Bu türgenleriň ikinji duşuşygy boldy: 2019-njy ýylyň başynda Beýder Ýemelýanenkony gapma-garşylygyň birinji minutynda nokauta gidirdi. Söweşiň öňüsyrasynda russiýaly söweşiji Beýder bilen ikinji söweşiň professional karýerasynda iň soňky boljakdygyny ençeme gezek aýtdy.
Ýemelýanenko 46 ýaşynda. Onuň hasabynda 40 ýeňiş bilen ýedi ýeňliş bar. 39 ýaşly Beýderiň hasabynda 31 ýeňiş bilen ýedi ýeňliş bar.


17.04.2026 09:31
20k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.1k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...