Promouter Usik bilen Fýuriniň arasyndaky söweşiň senesini aýtdy

  • 04.02.2023 23:30
  • 15k+

WBA (Super), WBO we IBF wersiýalaryna görä, boks boýunça super agyr agramda dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik bilen WBC titulynyň eýesi britaniýaly Taýson Fýuriniň arasyndaky söweş 29-njy aprelde geçiriler. Bu barada britaniýalynyň promouteri Frank Uorren aýtdy diýip, sportrbc.ru belleýär.

“Söweş 100% 29-njy aprelde geçiriler. Geçiriljek ýeri geljek alty ýa-da ýedi günüň dowamynda belli bolar. Eger biz söweşi Saud Arabystanynda geçirip bilmesek, ol Beýik Britaniýada bolar” – diýip, Uorren belledi.

Ukrainaly geçen ýylyň awgust aýynda Jiddada (Saud Arabystany) geçirilen soňky söweşinde britaniýaly Entoni Joşuany eminleriň tapawutly karary bilen ýeňip, titullaryny gorady. Ýeňşinden soň Usik Fýurini söweşe çagyrdy. Fýuri ony kabul etse-de, başga boksçylar bilen gepleşikleri geçirip başlady. Netijede, ol Derek Çisora bilen söweşmek barada ylalaşdy. Söweş 3-nji dekabrda geçirilip, Fýuriniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
36 ýaşly Usikiň hasabynda 20 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur. 34 ýaşly Fýuriniň hasabynda 33 ýeňiş we bir deňme-deňlik bar.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......