GlobalPetrolPrices: Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň 10-lugynda

  • 04.02.2023 16:00
  • 36k+

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girýär. GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan düzülen awtomobil ýangyjynyň bahalarynyň dünýä reýtinginde ýurdumyz 8-nji orny eýeleýär. Türkmenistanda 1 litr benziniň bahasy 0,42 dollar (30-njy ýanwardaky maglumatlar).

Reýtingi düzüjiler 95-lik benziniň bahasyny hasaba alýarlar. Merkezi Aziýa sebitinde hem-de GDA çäklerinde iň arzan bahadan benzin Türkmenistanda satylýar.
Dünýäde iň arzan benzin Wenesuelada — 1 litri — 0,01 dollar. Ilkinji üçlüge şeýle hem Liwiýa we Eýran girýär — degişlilikde, 0,03 dollar we 0,05 dollar.

Dünýäde iň gymmat benzin Gonkongda — 1 litri — 2,94 dollar. Bu ol ýerde ýaşaýşyň gymmat bolmagy bilen bagly (bu ýerde ortaça aýlyk haky 2200 dollar).
Islandiýada bir litr benziniň bahasy 2,28 dollar, Norwegiýada — 2,26 dollar.
Dünýä boýunça benziniň 1 litriniň ortaça bahasy 1,31 dollar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......