«Ak Gaýa» 22 müňden gowrak gurluşyk hem hojalyk harytlaryny hödürleýär

  • 03.02.2023 13:00
  • 13k+

Gurluşyk harytlarynyň bazary bu günki gün ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýar. Gurluşyk harytlarynyň giň toplumyny, bu ugurda hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň sany hem barha artýar. Şeýle kompaniýalaryň biri hem «Ak Gaýa» hojalyk jemgyýetidir.

Ilkibaşda ulag arkaly daşary ýurtlardan getirilen gurluşyk garyndylarynyň söwdasyny ýerine ýetirip başlan «Ak Gaýa» brendiniň 20 ýyldan gowrak taryhy bar. Kompaniýa bu günki gün gurluşykda hem hojalykda zerur bolan harytlaryň giň toplumyny hödürleýän, birnäçe iri söwda nokatlary bolan belli brende öwrüldi.
«Ak Gaýa» hojalyk jemgyýeti bu gün ýokary hilli gurluşyk hem-de hojalyk harytlaryny elýeterli bahadan halka ýetirýär. «Ak Gaýanyň» söwda dükanlarynda 22 müňden gowrak haryt bar. Ýerli önümler bilen bir hatarda, Türkiýäniň, Hytaýyň, Italiýanyň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we başga-da köp ýurtlaryň harytlary söwda dükanlarynda bar.
Bulardan başga-da, AK ALCI atly şpaklýowkalar, GAYA atly alçipan hem-de gurluşyk üçin gipsiň dürli görnüşleri elýeterlidir. «Ak Gaýa» şeýle hem mebelden, plastikadan aýna-gapy (budka) ýasap hem gurnap berýär.
«Ak Gaýa» 5 müň manatdan geçip söwda edene eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär.

Habarlaşmak üçin:

08.06.2026 15:19
5.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......