2022-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan gazanan girdejisi 46 mlrd dollardan geçdi

  • 02.02.2023 13:39
  • 12k+

Türkiýe syýahatçylyk pudagyndan gazanan girdejisi boýunça täze rekord goýdy. Girdeji 2022-nji ýylyň jemi boýunça 46 mlrd dollardan gowrak bolup, bu bir ýyl ozalky görkezijiden 53,4% köpdür diýip, Türkiýäniň Statistika institutynyň (TUIK) maglumatlaryna salgylanyp, “Hurriyet” gazeti habar berýär. Muny tourism.interfax.ru ýetirýär.

“2022-nji ýylda syýahatçylykdan gazanylan girdeji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 53,4% ýokarlanyp, 46,28 mlrd dollara ýetdi. Türkiýede syýahatçylaryň şahsy çykdajylary 34,47 mlrd dollar, syýahatçylyk bukjalarynyň çäginde edilen çykdajylar 11,8 mlrd dollardan gowrak boldy” – diýip, neşir ýazýar.

Statistika laýyklykda, 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde syýahatçylykdan gelen girdeji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,2% ýokarlanyp, 11,37 mlrd dollar boldy. Girdejileriň 15%-den gowragy daşary ýurtly syýahatçylardan alyndy.
2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde syýahatçylaryň şahsy çykdajylary 8,27 mlrd dollar, syýahatçylyk bukjalarynyň çägindäki çykdajylar tas 4 mlrd dollar boldy.
Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda Türkiýe 60 mln syýahatçyny kabul etmegi we 56 mlrd dollar möçberinde girdeji almagy meýilleşdiýär. 2028-nji ýylda ýurt syýahatçylyk akymynyň 90 mln, girdejiniň 100 mlrd dollar bolmagyna garaşýar.
2022-nji ýylda Türkiýä 44 mln-dan gowrak daşary ýurtly syýahatçy bardy.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......