«ÄlemTV» «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde söwda nokadyny açdy

  • 03.02.2023 17:34
  • 21k+

ÄlemTV teleýaýlym operatory «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde söwda nokadyny açdy. Söwda nokadynda müşderiler ÄlemTV kartlaryny satyn alyp, şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüz tutup bilerler.

ÄlemTV telewideniýesi — Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasyndan alyp görkezişi amala aşyrýan, onlaýn we hemra telewideniýesi boýunça ygtybarly hyzmatlary hödürleýän ilkinji hem ýeke-täk resmi operatordyr.
ÄlemTV telewideniýesi ulanyjylara hemra telewideniýesi we IPTV görnüşinde elýeterlidir.
ÄlemTV hemra telewideniýesi dünýäniň —Ýewropanyň, Aziýanyň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň iň ýörgünli teleýaýlymlaryny bir ýerde jemledi. Bu hyzmaty birikdirmek bilen müşderiler birnäçe goşmaça hemra ulgamlaryny oturtmak zerurlygyndan dynarlar.
Hyzmat tölegli bolup, iki bukjada — «SADA» we «VIP» görnüşde hödürlenilýär. Bir aýlyk tölegi: SADA bukja — 40 manat; VIP bukja — 50 manat.
VIP bukjanyň tapawudy, onda SADA bukjadaky 126 teleýaýlymyň üstüne goşmaça 9 sany teleýaýlym goşulýar.
Älem TV  IPTV hyzmaty «AŞTU-nyň» hem-de «Türkmentelekomyň» müşderileri üçin elýeterlidir. IPTV-de 200 sany teleýaýlym bolup, ony Android ulgamly smartfonlara, IPTV TVBOX enjamlaryna we telewizorlara birikdirip bolýar.
«Älem TV» IPTV hyzmatyny islendik adam özbaşdak hem, degişli aragatnaşyk operatoryna — «AŞTU» ýa-da «Türkmentelekoma» ýüz tutmak arkaly hem birikdirip bolar.
Hyzmaty özbaşdak birikdirmek üçin Android ulgamly telewizorlarda ýa-da IPTV TVBOX enjamlaryna Google Play Market-den «Älem TV» goşundysyny ýükläp almaly we degişli aragatnaşyk operatoryny görkezmeli. Tölegi degişli aragatnaşyk operatorynyñ nokadyna baryp geçirmeli.

Hyzmaty birikdirmek we goşmaça soraglar üçin telefon belgiler:
Aşgabat şäheri: +993 12 75-37-47; +993 65 01-99-98
Balkan welaýaty: +993 65 84-33-11
Mary welaýaty: +993 61 55-80-42
Lebap welaýaty: +993 61 26-00-02
Daşoguz welaýaty: +993 65 25-22-07

Tehniki soraglar boýunça jaň edip bilersiňiz:
+(993) 65 31-78-87
+(993) 61 85-94-99

düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....