Şumaheriň «Formula-1-däki» ilkinji ulagy auksionda satylar

  • 30.01.2023 13:32
  • 9k+

Ýedi gezek dünýä çempiony bolan Mihael Şumaheriň «Formula-1-däki» ilkinji ulagy Bonhams auksion öýi tarapyndan satlyga çykaryldy. 556 belgili lot auksionyň resmi saýtynda görkezilýär diýip, sovsport.ru habar berýär.

Mihael Şumaheriň 1991-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisindäki ilkinji çykyşy Jordan-Ford 191 (şassi 191/6) ulagynda boldy. Şonda germaniýaly sürüji şeýle klasdaky ulagyň başyna ilkinji gezek geçmek bilen, sekizinji wagty görkezip, topardaşy Andrea de Çezarisden öňe geçdi.
Ulag iş ýagdaýynda, ol Karun Çandhokyň  we Mihael Şumaheriň ogly Mikiň dolandyrmagynda SkySports teleýaýlymy üçin Silwerstounyň ýolunda surata düşürmeler üçin ulanyldy.
Lotuň gapdalynda “Jordanyň” inženeri Trewor Fosteriň ulagyň taryhy barada gürrüň berýän hatynyň nusgasy bar.
Fosteriň sözlerine görä, sessiýanyň başynda Mihael de Çezarisden has çaltdy, şonda Çezaris ätiýaçdaky ulagy (şassi 04) ulanmagy sorady. Mihaeliň ulagynyň sowadyş ulgamynda bolsa syzma boldy.

“Bu hereketlendirijini aýyrmagy talap etdi. Andrea ätiýaçdaky ulagda galdy, Mihaele bolsa biz Andreanyň ulagyny (şassi 06) berdik, bu ulag bilen ol sekizinji wagty görkezip, Andreadan öňe geçdi” – diýlip, hatda bellenilýär.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....