UFC Adesanýa bilen Pereýranyň arasyndaky rewanş söweşini yglan etdi

  • 30.01.2023 13:25
  • 12k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) orta agramda braziliýaly çempiony Aleks Pereýra bilen MMA-nyň täze zelandiýaly söweşijisi Israel Adesanýa titul rewanş söweşini geçirer. Bu barada promouşeniň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Söweş 8-nji aprelde geçiriler. Ol UFC 287 turniriniň esasy söweşi bolar. Söweşiň geçiriljek ýeri heniz mälim däl.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Adesanýa Pereýradan ýeňlip, orta agramda UFC-niň çempiony titulyny altynjy gezekde gorap bilmedi. Täze zelandiýaly söweşiji MMA-da geçiren 25 professional söweşinde ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Pereýra sekiz söweşde ýedi ýeňiş gazandy. Noýabrdaky söweşden öň türgenler kikboksing düzgünlerine laýyklykda iki gezek söweşdiler. Iki gezekde-de braziliýaly söweşiji ýeňiş gazandy (utuk we nokaut bilen).


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......