Beterbiýew Ýarddan üstün çykyp, boks boýunça dünýä çempionynyň üç titulyny gorady

  • 29.01.2023 22:50
  • 12k+

Russiýaly Artur Beterbiýew 79.38 kilograma çenli agram derejesinde professional boksçularyň arasynda dünýä çempionynyň üç sany titulyny gorady. Ol şu gün Londonda «Uembli» stadionynda geçirilen 12 raundly tutluşygyň sekizinji raundynda tehniki nokaut bilen britaniýaly Entoni Ýardy ýeňdi.

Beterbiýew Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titullaryny gorady.
38 ýaşly Beterbiýewiň rekordynda ýeke ýeňlişsiz 19 sany ýeňiş (19 nokaut bilen) bar. Ol ähli agram kategoriýalarynda 100% mukdarda ýeňiş gazanan professional boks boýunça ýeke-täk dünýä çempionydyr. Russiýaly türgen ýedinji gezek IBF-iň wersiýasy boýunça dünýä titulyny, üçünji gezek WBC-iň guşagyny we ilkinji gezek bolsa WBO-ny gorady.
31 ýaşly Ýard 23 ýeňiş bilen üçünji ýeňlişe sezewar boldy (22 nokaut bilen). Ol ikinji gezek dünýä çempiony bolup bilmedi.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......