LG Electronics IV çärýekde girdejiniň ýokarlanandygyna garamazdan, arassa ýitgi çekdi

  • 29.01.2023 11:37
  • 5.3k+

Günorta Koreýanyň LG Electronics Inc. kompaniýasy 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde girdejini ýokarlandyrandygyna garamazdan, arassa ýitgini hasaba aldy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, oktýabr – dekabr aýlarynda arassa ýitgi geçen ýylyň degişli döwründäki 21,3 mlrd Koreýa wonasy möçberindäki girdeji bilen deňeşdirilende, 212,4 mlrd wona ($172,4 mln) barabar boldy. Girdeji dördünji çärýekde 5,2%, 21,86 trln wona çenli ýokarlandy, operasion girdeji bolsa on esse azalyp, 69,3 mlrd wona boldy.
2022-nji ýylda operasion girdeji 12% azalyp, 3,6 trln wona barabar boldy, girdeji bolsa 12,9% ýokarlanyp, 83,5 trln wona ýetdi.
Durmuş tehnikasyny we kondisionerleri öndürmäge ýöriteleşýän bölümiň girdejisi geçen ýyl 10,3%, 29,9 trln wona çenli ýokarlanyp, taryhy rekordy täzeledi. Awtomobil senagaty üçin çözgütleri çykaryjy biznes girdejini 29,1%, 8,6 trln wona çenli, biznes çözgütlerini işlemek boýunça bölümçe 11,2%, 6,1 trln wona çenli ýokarlandyrdy. Öý güýmenjeleri üçin tehnikany, şol sanda telewizorlary öndüriji bölümiň girdejisi geçen ýyla garanyňda 8,8% azalyp, 15,7 trln wona boldy.
Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 22,8% ýokarlanyp, 16,51 trln wona ýetdi.


01.02.2026 16:20
3.4k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy...

05.12.2025 11:31
5.6k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi...

27.11.2025 23:29
2.7k+

LG Electronics ýolbaşçy düzüminiň üýtgeşmelerini yglan etdi

Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy ýolbaşçy düzüminde uly üýtgeşmeleriň bolandygyny, şol sanda täze baş direktoryň bellenendigini mälim etdi. 1-nji dekabrdan başlap, bu wezipäni häzirki wagtda LG-niň Öý Tehnikasy we Çözgütleri bölümine ýolbaşçylyk edýän hem-de kompaniýanyň maglumatyna görä, amallaryň durnukly ösüşine ýeten Rýu Çže-çhol eýelär...

18.02.2026 18:23
2.6k+

Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi

Nestle kompaniýasynyň paýnamalary soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine çenli peseldi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ertir 19-njy fewralda ýyllyk hasabatyň çap edilýän güni maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan satuwlary dikeltmegiň anyk meýilnamasyny talap etmegi maksat edinýärler...