Türkmen-german syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

  • 28.01.2023 16:32
  • 19k+

Anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wekili Mattias Lýuttenberg ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde nobatdaky türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň içerki syýasy ýagdaýlary barada pikir alşyldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegi ýaly möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň göwrümini has hem artdyrmak, nemes ýokary tehnologiýalaryny ulanyp häzirki zaman önümçilik desgalaryny döretmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berdiler. Arheologiýa pudagynda bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar. Bilim pudagynda özara gatnaşyklaryň netijeliligi, Türkmenistanda nemes dilini öwrenmek, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy jemgyýeti arkaly dowam edýän taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we oňyn tejribesi hem bellendi, iki ýurduň lukmançylyk pudagyndaky hünärmenleriniň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalar tejribesini dowam etdirmegiň zerurlygy beýan edildi.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......