Stambulda Ýewropada iň tizlikli metro ulgamy işe girizildi

  • 23.01.2023 11:42
  • 23k+

Ýekşenbe güni Stambulda Ýewropada iň ýyndam metro ugry işe girizildi, bu türk megapolisini onuň Ýewropa böleginde ýerleşen halkara howa menzili bilen birleşdirdi. Ýerli häkimiýetiň habar bermegine görä, otlular täze şaha boýunça sagatda 90-120 km tizlik bilen hereket ederler.

34 kilometrlik şahanyň çekilen ýeri bolan Kýagythane bekedinden Stambul howa menziline takmynan 24 minutda baryp bolýar diýip, Türkiýäniň ulag ministri Adil Karaismailoglu habar berýär. Onuň sözlerine görä, täze beketleri birikdirmek bilen ugruň umumy uzynlygy 69 km bolar. "Biz Stambulyň tutuş Ýewropa bölegini gurşap aljak iri metro ulgamyny döredýäris" - diýip, ol TRT teleýaýlymyndaky çykyşynda nygtady.
Ulag ministrliginiň başlygynyň sözlerine görä, geljekde täze metro ugry ýokary tizlikli demirýol ugry bilen birleşdiriler. "Stambul howa menzili Ankaradan gelýän ýokary tizlikli otlynyň duralgasyna öwrüler. Taslama tender geçiriliş tapgyrynda, bir ýylyň içinde bu ugry gurmak boýunça işe başlamak meýilleşdirilýär" - diýip, ministr belledi.
Täze metro ugrunyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan onuň günde 800 müň ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenendigini aýtdy.


düýn 10:10
4.2k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......