2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 60 ýylyň içinde ilkinji gezek azaldy

  • 19.01.2023 08:10
  • 21k+

2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 60 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek azaldy – bu hem içerki, hem dünýä ykdysadyýeti üçin uzak möhletleýin täsir edip biljek taryhy üýtgeşiklikdir diýip, Associated Press ýazýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

Geçen ýyl ýurduň ilatynyň sany 850 müň adam, 1,41 mlrd adama çenli azaldy. Bu azalma 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alyndy. Hytaýyň ilatynyň azalmagy geçen ýyl resmi taýdan başlady, şonda ölüm derejesi dogluş derejesinden ýokary boldy.
Hünärmenler ýurtdaky berk koronawirus çäklendirmeleri syýasatynyň çaga dogluşynyň pese gaçyşyny çaltlaşdyrandygyny belleýärler. 2022-nji ýylda ýurtda bir ýyl ozalky 10,62 mln çaga bilen deňeşdirilende 9,56 mln çaga dünýä indi. Soňky maglumatlara görä, Hytaýda erkekleriň sany 722,06 mln birlige, aýallaryň sany 689,69 mln birlige barabar.
Hytaýyň Statistika edarasy 16 ýaşdan 59 ýaş aralygyndaky zähmete ukyply ilatyň 875,56 mln adama barabar bolup, munuň ýurduň ilatynyň 62%-ini emele getirýändigini habar berdi. 65 we ondan ýokary ýaşdaky adamlar 209,78 mln diýlip hasaplanylýar we bu umumy sanyň 14,9%-ine deňdir.
2022-nji ýylda Hytaýda ölüm 1970-nji ýyldan bäri iň ýokary derejede boldy, ýagny her 1 müň adama 7,37 ölüm.
BMG-niň geçen ýylky çaklamasyna görä, 2050-nji ýyla çenli Hytaýyň ilat sany 1,31 mlrd adama çenli azalar. Ilatynyň sany, takmynan, 1,4066 mlrd adam bolan Hindistanyň bolsa 2023-nji ýylda bu görkeziji boýunça dünýäde birinji orna çykmagyna garaşylýar.


12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......