«Barselona» «Realy» utup, Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

  • 16.01.2023 08:26
  • 23k+

Ispaniýanyň futbol boýunça Superkubogy ugrundaky final duşuşygynda «Barselona» 3:1 hasabynda «Realdan» üstün çykdy. Duşuşyk ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde «Patyşa Fahd» adyndaky Halkara stadionynda geçirildi.

Duşuşykda «Barselonadan» gollary Gawi (33-nji minut), Lewandowski (45) we Pedri (69), «Realdan» Benzema (90+3) geçirdi.
Bu ýaryş 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär, onda ýurduň çempionatynyň we kubogynyň ýeňijileri duşuşýardy. 2019/20 möwsümden başlap Ispaniýanyň Superkubok ýaryşy dört klubuň gatnaşmagynda mini-ýaryş görnüşinde geçirilýär. Bu gezek ýaryşa «Real» (geçen çempionatynyň ýeňijisi), «Walensiýa» (kubogyň finalçysy), «Barselona» (geçen çempionatynyň kümüş medalçysy) we «Betis» (kubogyň eýesi) gatnaşdy.
"Barselona" 14-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyny aldy, bu rekord görkeziji. Ikinji ýerde durýan «Real» 12 gezek bu kubogy gazandy.


düýn 23:41
652

«Tottenhem» Roberto De Dzerbini baş tälimçi edip belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......

düýn 11:15
8.1k+

Dünýä çempionaty — 2026-a gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy: Italiýa ýene-de ýaryşdan çetde galdy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň doly düzümi belli boldy. Goşmaça duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryşa gitjek ähli......

31.03.2026 20:07
11k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 10:51
11k+

Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal......