UFC Ngannunyň çempion adyny we iň gowy agyr agramdaky söweşijiniň guşagyny elinden aldy

  • 15.01.2023 22:04
  • 29k+

UFC-niň agyr diwizionda kamerunly çempiony Frensis Ngannu promouşeni terk etdi we onuň bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrdy. Şu sebäpli ol çempion adyny we guramanyň guşagyny ýitirdi.

Bu barada UFC-niň prezidenti Dana Uaýt aýtdy diýip, c-sport.info habar berýär. Ol Ngannuwa gowy şertnamanyň hödürlenendigini belledi. Eger ol şertnamany uzaltmaga razy bolan bolsa, söweşiji agyr agramly söweşijileriň arasynda zähmet hakynyň derejesi boýunça rekord goýardy.
Indi agram kategoriýasyna garamazdan MMA-nyň söweşijileriniň arasynda altynjy orny eýeleýän 36 ýaşly Ngannu erkin agent boldy. Onuň UFC-den daşary karýerasynyň nähili dowam etjekdigi heniz belli däl.
UFC-ä Frensis ilkinji gezek 2015-nji ýylda geldi, geçiren 14 söweşiniň diňe 2-sinde ýeňlişe sezewar boldy.
Soňky döwür UFC garyşyk başa-baş söweş sungaty pudagynda abraýly guramadygyna garamazdan, eýýäm birnäçe meşhur söweşijisini ýitirdi. Ýaňy-ýakynda guramanyň Şöhratlar zalyna girýän russiýaly Habib Nurmagomedowyň hem MMA-dan doly gitmek we türgenleşik geçmegi bes etmek kararyna gelendigi belli boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......