«Red Bull» Formula—1-iň täze möwsümi üçin ýaryş maşyny fewralyň başynda tanyşdyrar

  • 15.01.2023 15:06
  • 3.9k+

Formula — 1-iň «Red Bull» topary 2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda täze awtoulagyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirjekdigini mälim etdi.

Bu toparyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Tanyşdyrylyş Nýu-Ýorkda geçer.
Geljek möwsümde niderlandly Maks Werstappeniň we meksikaly Serhio Peresiň toparyň sürüjileri boljakdygyny ýatladýarys.
Möwsüm-2022-niň jemleri boýunça  «Red Bull» Konstruktorlaryň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda birinji ýeri eýeledi. Maks Werstappen yzly-yzyna iki gezek dünýä çempiony boldy.
Awtoulaglarynyň tanyşdyrylyş senesini bellänleriň içinde Red Bull ony hemmeden öňürti geçirer.

Möwsüm-2023-iň tanyşdyrylyşlarynyň tertibi:
“Red Bull” - 3-nji fewral
“Uilýams” - 6-njy fewral
“Alfa Tauri” - 11-nji fewral
“Maklaren” - 13-nji fewral
“Aston Martin” - 13-nji fewral 
“Ferrari” - 14-nji fewral 
“Mersedes” - 15-nji fewral 
"Alpin" - 16-njy fewral.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....