«Paýhas açary»: wiza almaklyk, ilki bilen, resminamalaryňy terjime etdirmekden başlanýar

  • 15.01.2023 15:37
  • 34k+

Tehniki, ýuridiki terjime, lukmançylyk tekstleriniň, şahsy resminamalaryň terjimesi, wiza almak üçin resminamalaryň terjimesi... «Paýhas açary» terjime merkezi islendik mowzukdaky tekstleriň kepillikli terjime hyzmatyny hödürleýär.

Haçan-da Siz talyp, syýahatçy hökmünde, aýratyn hem raýatlyk almak ýa-da durmuşa çykmak maksady bilen daşary ýurda gitmekçi bolanyňyzda wiza almak işi resminamalaryňyz terjime etdirmekden başlanýar.
Ilçihanada, konsullykda ýa-da wiza merkezinde Size resminamalaryňyzy tabşyrmak üçin wagt bellänlerinden soňra, Size resminamalaryňyzy terjime etdirmek gerek bolar. Köplenç halatda resminamalary barjak ýurduň diline däl-de, iňlis diline terjime etdirmek hem ýeterlik bolup biler.
«Paýhas açary» terjime merkezi daşary ýurt dilinde sowalnamalary (anketa) doldurmak, wiza üçin resminamalary terjime etmek hem-de wiza berýän edaranyň talap edýän şahsy resminamalaryny terjime merkeziniň möhüri bilen kepillendirmek hyzmatlaryny hödürleýär.
«Paýhas açary» terjime merkeziniň terjimeleri ähli döwlet edaralary we ilçihanalary, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan ykrar edilendir.
Bulardan başga-da, terjime merkezi Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen bir binada ýerleşendigi üçin, Hindistanyň ilçihanasy üçin terjimeleri gysga möhletde ýerine ýetirip berýär.

Kompaniýanyň şygary: «Ýokary hil – oňat hyzmat – elýeterli baha»
Türkmenistanyň terjimeçilik bazarynda ençeme ýyldan bäri iş alyp barýan «Paýhas açary» kompaniýasy geçen döwürde dürli ugurdaky we çylşyrymlylykdaky ýüzlerçe teksti terjime etdi. Kompaniýa terjimeçilik hyzmatlaryny şahsy taraplara, kiçi we orta kompaniýalara bolşy ýaly, dünýä belli iri kompaniýalara hem hödürläp gelýär.

Habarlaşmak üçin: +99361 76-44-40; +99361 78-44-40
E-mail: payhasachary1@gmail.com; payhas_achary@mail.ru
Salgysy: Aşgabat ş., Parahat 2/1, Ýunus Emre köçesi 1, Halkara işewürlik merkezi

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......