Antalýada türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Aziýa Parlament Assambleýasynyň mejlisi geçirildi

  • 11.01.2023 14:00
  • 16k+

8-10-njy ýanwarda Türkiýäniň Antalýa şäherinde «Üýtgeýän halkara dinamikasynda köptaraplaýynlygy ösdürmek» temasy bilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 13-nji umumy mejlisi geçirildi. Duşuşyga dünýäniň 27 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan wekiliýetler gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlisiň Açylyşynda Aziýa Parlament Assambleýasynyň Baş sekretary Muhammet Reza Majidi, Türkiýäniň Beýik Milli Assambleýasynyň we APA-nyň häzirki başlygy Mustafa Şentop, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň parlamentleriniň başlyklary çykyş etdiler.
Türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň halkara giňişliginde energiýa, ulag, ekologiýa we medeni-ynsanperwer diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň parlament diplomatiýasy arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýynlygy beýan edildi.
Geçen forumyň çäklerinde Syýasy komitetiň, Ýerine ýetiriji komitetiň we APA-nyň hemişelik komitetleriniň mejlisleri geçirildi we olarda parlamentariler komitetleriň gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar, gurluşlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipler berdiler we kararlaryň taslamasyna garadylar.
Aziýa Parlament Assambleýasynyň mejlisiniň jemleri boýunça jarnama kabul edildi.


Umumy mejlisiň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda 13-nji umumy mejlisde netijeli pikir alyşmagyň möhümdigini, şeýle wakalaryň parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmak nukdaýnazaryndan ähmiýeti nygtaldy.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......