Zidan Braziliýanyň, Portugaliýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylaryna ýolbaşçylyk etmek tekliplerinden ýüz öwürdi

  • 10.01.2023 07:32
  • 22k+

Madridiň «Realynyň» öňki baş tälimçisi Zinedin Zidan Braziliýanyň we Portugaliýanyň milli ýygyndylaryna tälimçi bolmak tekliplerinden ýüz öwürdi diýip, Fransiýanyň HBS-i habar berýär. Muny sovsport.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Zidan milli assosiasiýalardan gelen iki teklibi-de ret etdi. Şeýle-de, Zidan Ýewropanyň islendik bir kluby bilen işlemegi makul bilip, ABŞ-nyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek teklibinden hem ýüz öwürdi.
Öň, Zidanyň Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biljekdigi habar berildi, ýöne iki gezek dünýä çempionlarynyň häzirki halypasy Didýe Deşam bilen şertnamanyň möhleti 2026-njy ýyla çenli uzaldyldy.
Şeýle-de, Zidanyň “PSŽ-niň” tälimçisi wezipesine göz öňüne tutulandygy habar berildi. 50 ýaşly hünärmen 2021-nji ýylyň tomsunda Madridiň “Realyny” terk edeni bäri işsizdir.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......