Cadillak Formula 1-e gatnaşmak kararyna geldi

  • 08.01.2023 23:37
  • 4.4k+

Kadillak amerikan kompaniýasy täze Formula-1 toparyny bellige aldyrmak üçin FIA-a arza bermäge hyýallanýar: ony Andretti Global bilen bilelikde döretmek meýilleşdirilýär. Motorsport-yň berýän habaryna görä, täze topar badalga germewiniň ýanynda 2025-nji ýylda peýda bolsa gerek we onuň düzüminde azyndan bir amerikan sürüjisi bolar.

Andretti sport konglomeraty bilen General Motors konserniniň bileleşigi tabşyryljak arzany taýýarlap başlady: Andretti Global-yň başlygy Maýkl Andrettiniň sözlerine görä, hyzmatdaşlar FIA-nyň ähli düzgünlerini we kadalaryny ýerine ýetirerler.
Arza kabul edilen ýagdaýynda, ilkibaşda Andretti Kadillak topary başga şereketiň hereketlendirijisini ulanar diýip garaşylýar. Şeýle-de bolsa, awtoulag öndürijiniň ýolbaşçylary hususy güýç gurluşyny ösdürmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.
Täze topar ABŞ-da ýerleşer we Angliýada bolsa aýratyn tehniki goldaw merkezi dörediler.
F1News-yň habaryna görä, Formula 1-iň ýolbaşçylygy Andrettiniň we Kadillagyň meýillerine kän bir höwes bilen jogap bermedi we täze topar döretmek baradaky arzanyň diňe FIA tarapyndan däl, eýsem ýaryş seriýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan hem tassyklanmalydygyny aýtdy.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....