Mbappe Fransiýada 2022-nji ýylyň iň gowy türgeni boldy, Benzema – ikinji orun

  • 08.01.2023 23:16
  • 13k+

“PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe L’Equipe tarapyndan Fransiýada ýylyň türgeni saýlandy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi ses berişlikde 832 bal gazandy. Ikinji orny “Realyň” hüjümçisi Karim Benzema eýeledi (484 bal). Bu barada championat.com habar berýär.

Sanawyň doly görnüşi şeýle:

  1. Kilian Mbappe (futbol, 832 bal);
  2. Karim Benzema (futbol, 484);
  3. Kenten Fiýon-Maýe (biatlon, 403);
  4. Antuan Dýupon (regbi, 389);
  5. Leon Marşan (suwda ýüzmek, 358);
  6. Kewin Maýer (ýeňil atletika, 169);
  7. Kleman Noel (dag lyžasy, 126);
  8. Giýom Sizeron (figuraly typmak, 75);
  9. Romen Kannon (gylyçlaşma, 52);
  10. Şarl Kodrelýe (ýelkenli sport, 50).

L’Equipe tarapyndan iň gowy türgene baýrak 1946-njy ýyldan bäri Fransiýa we 1975-nji ýyldan bäri tutuş dünýä üçin berilýär.
Reýting ses berişligiň netijesi esasynda kesgitlenýär. Dalaşgärleriň sanawyndan neşiriň her bir žurnalisti iň abraýly bäş türgenden öz sanawyny düzýär. Birinji orun üçin alty utuk, ikinji üçin dört, üçünji üçin üç, dördünji üçin iki, bäşinji üçin bir utuk berilýär.
2012-nji ýyldan bäri baýrak Fransiýanyň iň gowy türgenine we dünýädäki iň gowy türgene aýratynlykda berilýär.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......