Didýe Deşam 2026-njy ýyla çenli Fransiýanyň ýygyndysyna tälim berer

  • 08.01.2023 14:57
  • 11k+

Fransiýanyň Futbol federasiýasy milli ýygyndynyň baş tälimçisi Didýe Deşam bilen şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaldýandygyny mälim etdi. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Deşam 2012-nji ýylyň iýun aýynda Fransiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Fransiýanyň milli ýygyndysy Deşamyň ýolbaşçylygynda 139 oýunda 89 ýeňiş gazandy. Onuň ýolbaşçylygynda fransuzlar 2018-nji ýylda Russiýada geçen dünýä çempionatynda, 2021-nji ýylda geçen Milletler ligasynda ýeňiji boldular, Ýewro-2016-nyň  we 2022-nji ýylda Katarda geçen dünýä çempionatynyň finalyna çykdylar. Indi Fransiýa FIFA-nyň reýtinginde üçünji orunda durýar we soňky bäş ýylda yzygiderli ýagdaýda ilkinji dörtlüge girip gelýär.
2022-nji ýylda Katardaky dünýä çempionatynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysynyň Argentinanyň milli ýygyndysyndan ýeňlendigini (3:3, penalti boýunça 2:4) ýatladýarys.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......