Bloger Jeýk Pol MMA-da çykyş eder

  • 08.01.2023 13:36
  • 11k+

Amerikaly wideobloger Jeýk Pol Professional Fighters League (PFL) guramasy bilen şertnama baglaşdy we garyşyk başa-baş söweşde (MMA) çykyş eder. Bu barada ol özüniň YouTube kanalynda habar berdi.

"Men dünýäniň iň çalt ösýän sport ligasy - PFL bilen resmi taýdan MMA-nyň söweşijisiniň şertnamasyny baglaşdym. Men Neýt Diaza iki söweş teklip etdim - ilki boks, soňra alty aýdan soň MMA-nyň düzgünleri boýunça söweş" - diýip, Pol aýtdy.

25 ýaşly Poluň hasabynda boksda alty ýeňşi bolup (dördüsi nokaut bilen), ýekeje-de ýeňlişi ýokdur. Ol 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri professional ringde çykyş edýär. Ol 30-njy oktýabrda boks söweşinde Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony braziliýaly Anderson Silwadan üstün çykdy.
Pol, ilkinji nobatda, bloger we aktýor hökmünde bellidir. Vine sosial ulgamy ýapylmazdan ozal ol bäş million abunaçydan ybarat auditoriýany ýygnapdy. Ol birnäçe gezek internetde iň köp girdeji alýan adamlaryň dürli reýtinglerinde ilkinji üçlükden orun aldy. Bir ýylyň dowamynda ol dürli internet meýdançalarynda 20 mln dollardan gowrak gazanýar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......