Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny dikeldip biler

  • 07.01.2023 12:22
  • 12k+

Boks boýunça sekiz agram kategoriýasynda öňki dünýä çempiony Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny gaýtadan dikeldip biler. Bu barada boksçynyň wekili TASS habarlar agentligine habar berdi.

“Menni boksa gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada köp gürrüň edýär. Ol özüni formada saklaýar, türgenleşýär. Oňa diňe, hakykatdanam, uly waka bolmagy üçin çagyryş gerek. Ýöne boksa gaýdyp gelmek mümkin” – diýip, agentligiň söhbetdeşi belledi.

10-njy dekabrda Pakýao eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen günorta koreýaly bloger Di Keý Ýony ýeňdi. Filippinli türgen 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda karýerasyny tamamlady.
Pakýaonyň hasabynda professional ringde 62 ýeňiş (39-sy nokaut bilen), 8 ýeňliş we 2 deňme-deňlik bar. Ol taryhda sekiz agram kategoriýasynda dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. Pakýao karýerasynyň dowamynda ençeme wagtlap, agram kategoriýasyna garamazdan, iň gowy boksçy hasaplandy, ol taryhda iň gowy boksçylaryň reýtinglerine girýär.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......