2023-nji ýylda Türkmenistanda haýsy sergiler we maslahatlar geçiriler

  • 28.12.2022 17:20
  • 23k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy öz resmi saýtynda 2023-nji ýylda geçiriljek sergileriň we maslahatlaryň täzelenen senenamasyny neşir etdi.

Geljek ýyl Türkmenistanda ilkinji gezek azyk önümçiliginiň häzirki zaman tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Türkmenistan-2023” halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem “Awaza-2023” halkara tans we halk döredijiligi festiwaly hem-de Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi guralar.
Sanawa görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine, Aşgabat şäheriniň gününe, Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünliklerine we ş.m bagyşlanan her ýylky däp bolan sergiler geçiriler.
Mundan başga-da, halkara ylmy maslahatlary we festiwallary, Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasynyň III mejlisini guramak meýilleşdirilýär.

Fewral
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat (18.02.2023)

Mart
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty (17.03.2023-18.03.2023)

Aprel
Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi (04.04.2023-06.04.2023)
«Türkmen bedewi we atşynaslygyň dünýä sungaty» XV Halkara ylmy maslahat, ahalteke atlarynyň Halkara assosiasiýasynyň XIII mejlisi (26.04.2023-30.04.2023)

Maý
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (03.05.2023-04.05.2023)
«Ak şäherim — Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisi (24.05.2023-25.05.2023)
Türkmen el halysynyň gadyryny bilýänleriň Bütindünýä assosiasiýasynyň “Türkmen halysy – türkmeniň kalby” atly XXIII maslahaty (28.05.2023)

Iýun
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli maslahat (05.06.2023)
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahaty (12.06.2023-13.06.2023)
«Awaza-2023» Halkara tans we folklor festiwaly (13.06.2023-16.06.2023)

Awgust
Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat (12.08.2023)
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2023» halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty (06.08.2023-07.08.2023)

Sentýabr
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň XXIV maslahaty (10.09.2023-20.09.2023)
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi (20.09.2023-21.09.2023)
Ýurduň ykdysady ösüşine bagyşlanan “Senagat-innowasion nusgasy – ýurduň esasy strategiki ugry” atly ylmy-amaly maslahaty (21.09.2023)

Oktýabr
“Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýasynyň III mejlisi (10.2023)
“Türkmen alabaýlaryny we tazylary ösdürip ýetişdirmek: taryhy, medeniýeti we sungaty” atly III Halkara ylmy maslahat (10.2023)
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat (10.10.2023-12.10.2023)
«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023» atly halkara maslahat we halkara sergi (25.10.2023-27.10.2023)

Noýabr
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Turkmentel-2023» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty (09.11.2023-10.11.2023)
«Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi (10.11.2023 - 10.11.2023)
«Bagtyýarlyk eýýamynyň teatr sungaty» IV Halkara festiwaly (14.11.2023 - 16.11.2023)
Azyk önümleriniň önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi «Agro-Pak Türkmenistan-2023» (28.11.2023 - 30.11.2023)

Dekabr
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi (06.12.2023 - 08.12.2023)

Çäreleriň geçirilýän senesi üýtgäp biler.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......