Ronaldu aýalyndan sowgat hökmünde Rolls Royce Phantom aldy

  • 28.12.2022 09:13
  • 57k+

Mirror-yň habar bermegine görä, Portugaliýanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň  kapitany Kriştianu Ronaldu Täze ýyl sowgady hökmünde Rolls Royce Phantom aldy. Tabloidiň berýän maglumatyna görä, aýaly futbolçy üçin garaşylmadyk Täze ýyl sowgadyny taýýarlady, awtoulagyň bahasy 250 000 funt sterling.

“Rolls Royce” 8 basgançakly “awtomat” bilen jübütlikde, kuwwaty 460 at güýjüne deň bolan güýç agregaty bilen işleýär. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 240 km. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Ronaldunyň awtoulag parkynyň bahasy 17 million funt. Futbolçynyň ulagjaýynda meşhur “Bugatti”, “Ferrari” we “Aston Martin” brendleriniň modelleri bar. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitanynyň ulagjaýynda, beýleki zatlar bilen birlikde, taryhda iň ajaýyp we gymmat Bugatti modelleriniň biri bar: Centodieci. “Centodieci” -iň sany göni on nusga bilen çäklenýär, olaryň her biri üçin müşderiler, heniz ilkinji resmi görkezilişi bolmanka, azyndan 10 million dollar töledi.


düýn 16:29
3k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.2k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......