Marca: Mbappe Useýn Boltdan, Holand bolsa Jokowiçden haýal

  • 27.12.2022 19:04
  • 27k+

Ispaniýanyň Marca neşiri sportuň oýun görnüşleriniň wekilleriniň arasynda kimiň iň çakgandygyny kesgitlemek we olaryň görkezijilerini 100 metre ylgamakda belli ýamaýkaly ýüwrük türgen Useýn Boltuň rekordy bilen deňeşdirmek üçin barlag geçirdi.

Neşir barlag geçirmek üçin her türgeniň bellige alnan aňrybaş tizligini esas edip almak bilen, sportuň birnäçe görnüşiniň wekilleriniň 100 metr aralyga ylgawyny modelirlemegi geçirdi. Modelirlemek üçin futbolçylar Kilian Mbappe («PSŽ») we Erling Holand («Mançester Siti»), basketbolçy Rassel Uestbruk («Los-Anželes Leýkers»), tennisçi Nowak Jokowiç, regbiçi Jona Lomu we amerikan futbolunyň oýunçysy Taýrik Hill («Maýami Dolfins») saýlanyp alyndy.
Modelirlemegiň netijesi boýunça 100 metre ylgamakda iň çakgan türgen, 11 sekunt netijesi bilen, Kilian Mbappe hasaplanýar diýip kesgitlendi. «PSŽ»-nyň futbolçysy Boltuň rekordyndan 1,02 sekunt yza galdy. Ikinji ýeri 11,01 netije bilen Lomu eýeledi. Erling Holand 11,06 netije bilen Jokowiçden we Hillden yza galdy, Uestbruk modelirlenen sprintiň iň çaman gatnaşyjysy bolup çykdy.


şu gün 15:58
1.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......