Las-Wegasda geçjek Formula-1 ýaryşlarynyň petegi bir million dollardan satylýar

  • 25.12.2022 23:55
  • 18k+

40 ýylyň içinde birinji gezek  Las-Wegasda boljak Formula-1 noýabr aýynda geçer. Autoevolution-nyň ýazmagyna görä, tribunadaky adaty orunlar üçin 500 dollarlyk petekler eýýäm satylyp gutarylypdyr. Şol bir wagtda ýerli gymmat myhmanhanalaryň eýeleri patyşalyk çapyşyklarynyň muşdaklary üçin aýratyn bukja tekliplerini  taýýarladylar. Olaryň birini million dollar diýip  bahaladylar.

Bu teklip alty adama hödürlener we oňa çapyşygyň peteginden başga-da dürli hyzmatlaryň tutuş toplumy hem girýär. Mysal üçin, bukjany satyn alanlara başdanaýak ýolbeletlik we ähli zerur transferleriň beriljekdigi, şeýle hem çapyşygyň iň ýapyk ýerlerine baryp görmek mümkinçiligi söz berilýär. Oňa diňe bir paddoklara baryp görmek hem däl, eýsem çäräniň açylyş dabarasyna we jemleýji agşamyna gatnaşmak hem girýär.
Million dollaryň içine ýene-de myhmanhananyň özüniň üç ýatyş otagly kaşaň iki gatly nomerinde dört gijelik bolmak hem girýär. Nomeri ikra we şampan bilen üpjün ederler. Galyberse-de, petegiň eýeleri myhmanhanalaryň bu torunyň ýapyk bonus maksatnamasynyň ömürlik agzasy bolarlar.
Las-Wegasda Formula-1-iň trassasy şäheriň esasy gözel ýerleriniň duşundan geçip, bolidler 340 km/sag bilen sürer ýaly ýokary tizlikli göni ýoly öz içine alýar. Çapyşygyň özi gije geçer.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....