Peläniň gyzy futbolçynyň ýagdaýy barada aýtdy

  • 25.12.2022 10:05
  • 36k+

Braziliýanyň ýygyndysynyň düzüminde üç gezek dünýä çempiony bolan Peläniň gyzy Keli Kristina Nasimento meşhur futbolçynyň maşgalasynyň onuň aýaga galjakdygyna ynanmagy dowam edýändigini mälim etdi.

Penşenbe güni Peläniň ýagdaýynyň agyrlaşandygy belli boldy. Braziliýaly türgeniň rak keseli beterleşýär, şeýle-de böwregiň we ýüregiň işiniň bozulmasy sebäpli oňa güýçli ideg gerek.

"Biz bärde bolmak bilen, göreşýäris we ynanýarys. Biz ýene bir gije bile" - diýip, hassahananyň otagynda kakasy bilen mähirli gujaklaşyp düşen suratyny Instagramda goýan Keli Kristina Nasimento ýazdy. 

Pele 30-njy noýabrda hassahana ýerleşdirilipdi. 82 ýaşly braziliýaly türgene bedeniň umumy çişmesi, ýürek ýetmezçiligi, şeýle hem aňyň bulaşmasy kesel kesgidi goýuldy. Kesel kesgidi 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda goýlup, ýogyn içegäniň çişiniň himioterapewtiki bejergisiniň netijelerine täzeden baha bermek üçin, Peläniň hassahana getirilendigi habar berlipdi. Eks-futbolçynyň gyzynyň sözlerine görä, Pele koronawirusdan galan öýken infeksiýasy sebäpli hassahana düşüpdir.


13.06.2026 09:33
9.9k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
11k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.5k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......