«Ferrari» Formula - 1 üçin täze bolidini 14-nji fewralda tanyşdyrar

  • 24.12.2022 15:50
  • 4.9k+

Formula — 1-iň «Ferrari» italýan topary täze bolidiniň tanyşdyryljak senesini resmi görnüşde tassyklady.

«Ferrari» sosial tordaky resmi akkauntynda ulagyň 14-nji fewralda tanyşdyryljakdygyny habar berdi.
Ozal Formula.uno neşiri täze bolidiň 675 indeksini aljakdygyny, özüniňem Imoladaky trassada tanyşdyryljakdygyny, soňam dessine ony sürüp görmek  synagy geçiriler diýip habar beripdi.
Öň täze bolidiň tanyşdyryljak senesini tassyklan birinji topar «Aston Martin» bolupdy. Britaniýanyň topary ulagyny 13-nji fewralda tanyşdyrar.
Geçen möwsümde «Ferrari» Konstruktorlaryň kubogynda ikinji ýeri eýeläpdi. «Skuderiniň» pilotlary Şarl Lekler we Karlos Saýns pilotlaryň umumy hasabynda degişlilikde ikinji we bäşinji ýerleri eýelediler.
2023-möwsüminiň tanyşdyrylyşlarynyň tertibi:
«Aston Martin» — 13 fewral.
«Ferrari» — 14 fewral.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....