Benzema Fransiýanyň ýygyndysy üçin çykyşlaryny tamamlandygyny mälim etdi

  • 20.12.2022 12:02
  • 22k+

Ispaniýanyň «Real» futbol klubunyň hüjümçisi, 2022-nji ýylyň «Altyn topunyň» eýesi Karim Benzema Fransiýanyň ýygyndysynda çykyşlaryny tamamlady. Futbolçy bu barada duşenbe güni Instagram sahypasynda habar berdi.  

Ýekşenbe güni Fransiýanyň ýygyndysy Katarda geçen dünýä çempionatynyň final oýnunda Argentinanyň toparyndan utuldy. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasap bilen, goşmaça wagty bolsa 3:3 hasap bilen tamamlandy, penalti seriýasynda argentinalylar 4:2 hasap bilen ýeňiş gazandylar. Benzema ýaryşlar başlanmazdan öň alan şikesi sebäpli turnire gatnaşmady.

"Men häzirki derejäme ýetmek üçin güýç baryny sarp etdim, ýalňyşlyklaram goýberdim, men muňa buýsanýan. Men (Fransiýanyň ýygyndysynda) öz taryhymy döretdim, ol indi tamam boldy" - diýip Benzema ýazdy. 

Bemzema 35 ýaşynda, ol 2022-nji ýylyň "Altyn topunyň" eýesi.
Benzema milli ýygyndynyň düzüminde 97 oýna gatnaşdy we olarda 37 gol saldy. Ol topardaky oýunçy ýoldaşy Matýo Walbuenany şantaž edenligi bilen baglanyşykly 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli  ýygyndyda oýnamakdan çetleşdirilipdi.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......